.png)

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň "Aýdyň Gijeler" Hojalyk jemgyýetine bilim sapary
2025-nji ýylyň 7-nji iýulyndan 10-njy iýuly aralygynda "Aýdyň Gijeler" Hojalyk jemgyýeti öz diwarlarynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň birinji we ikinji ýyl talyplaryny mähirli kabul etdi. Tanyşlyk gezelençiniň çäklerinde geljekki inženerler we tehniki hünärmenler kärhanamyzyň esasy önümçilik sehlarynyň birnäçesine baryp gördüler. Saparyň dowamynda talyplar innowasiýa tehnologiýalaryna uly gyzyklanma bildirdiler, önümçilik proseslerine işjeň syn etdiler, aýdyňlaşdyryjy soraglary berdiler we ýurdumyzyň senagatyny ösdürmegiň geljegini höwes bilen ara alyp maslahatlaşdylar. Talyplar, hünärmenleriniň ýoldaşlygynda "Aýdyň Gijeler" Hojalyk jemgyýetiniň sehlaryna baryp gördüler: • Swetoforlary we ýol belgilerini öndürýän seh, sehda tutuş ýurt boýunça ulanylýan yşyklandyryş-signal enjamlaryny gurnamagyň, sazlamagyň we synagdan geçirmegiň tapgyrlary bilen tanyşdylar. • Alýumin sehinde, geljekki inženerler önümçiligiň dürli ugurlarynda ulanylýan alýumin taýýarlyklaryny guýmak we gaýtadan işlemek prosesine syn etdiler. • Elektron tehnikalar sehda talyplar telewizorlaryň, kondisionerleriň, monobloklaryň we noutbuklaryň önümçiligine syn etdiler. Taýýar önümleri ýygnamaga we olaryň hiline gözegçilik edilmegine aýratyn üns berildi. • Bank we SIM-kartlary öndürýän sehda, myhmanlar bank we telekommunikasiýa ulgamlarynda ulanylýan ýokary takyklykly plastik kartlary taýýarlamagyň tehnologiki aýratynlyklaryny öwrendiler. • Poslamaýan polatdan önumleri hromlaýjy sehda, önümlere çydamlylyk we estetiki görnüş berýän bezeg we gorag örtüklerini ulanmagyň prosesine syn edildi. • Talyplar mis we alýumin kabelleri sehinde, çig maly taýýarlamakdan başlap, taýýar önümleri gaplamagyna çenli - öndümçiligiň tapgyrlary bilen tanyşdylar. Saparlaryň her biri bilimleri höwes bilen paýlaşan we talyplaryň köp sanly soraglaryna jogap beren hünärmenlerimiziň jikme-jik düşündirişleri bilen utgaşdy. Ekologiýa we tehnologiýa standartlaryna, häzirki zaman enjamlaryna we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde importyň ornuny tutmagyň roluna aýratyn üns berildi. Biz ýaşlaryň senagat we tehniki hünärlere bolan gyzyklanmasyny goldamaga, şeýle hem geljekki hünärmenleriň kemala gelmegine goşant goşmaga begenýäris. "Aýdyň Gijeler" Hojalyk jemgyýetine baryp görmek, talyplaryň hünär taýdan kemala gelmegine möhüm ädim boldy we mundan beýläk-de okamak üçin ylham boldy diýip umyt edýäris.