


Eswatini Patyşalygyndan wekiliýetiň "Aýdyň Gijeler" Hojalyk Jemgyýetine sapary
Şu hepde "Aýdyň Gijeler" kärhanasyna Maglumat, aragatnaşyk we tehnologiýa ministri hanym Sawannah N. Maziýanyň ýolbaşçylygyndaky Eswatini Patyşalygynyň wekiliýeti resmi sapar bilen geldi. Myhmanlar önümçilik sehlaryna gezelençde SIM-kartalar, bank kartlary, telewizorlar, noutbuklar, planşetler, svetoforlar, yşyklandyryş çyralary we torşerler ýaly öndürilýän önümleriň giň görnüşi bilen tanyşdylar. Eswatini Patyşalygynyň wekiliýeti innowasion çözgütlere we önümçiligi awtomatlaşdyrmagyň ýokary derejesine aýratyn üns berdi. Kärhanany ösdürmegiň geljegi uly ugurlary, şol sanda taýýarlanylýan sanly pasportlary we biometrik ID-kartlary öndürmek boýunça taslama aýratyn gyzyklanma döretdi. Hanym ministr "Aýdyň Gijeler" önümleriniň Eswatininiň içerki bazaryny üpjün etmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini we tutuş Afrikanyň bazarynda üstünlikli bäsleşip biljekdigini belledi. Gepleşikleriň barşynda taraplar ýurduň zerurlyklary üçin üpjünçiliklerden başlap, eksportyň geografiýasyny giňeltmegiň geljegi bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.